Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň giň geriminiň bardygyny belläp geçdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle hem, mejlisde iki döwletiň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalaryň ösüşiniň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilýän söwda ähmiýetli çärelere, sergilere we forumlara gatnaşmagyny öz içine almak bilen iki döwletiň hususy pudagynyň wekilleriniň işini giňeltmegiň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar energetika we nebit-gaz pudagynda, himiýa, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlarynda, oba-hojalygy we azyk senagatynda, daşky gurşawy goramakda, şeýle hem, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçiliklerini bellediler.

Mejlisiň jemleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň Teswirnamasy kabul edildi. Resminama söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Taraplar hökümetara toparynyň indiki 9-njy mejisini Aşgabat şäherinde geçirmegi ylalaşdylar.