RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Iýun

ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El Huri we BMG-niň Türkmenist...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMEN-WENGER GATNAŞYKLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ÝOKARY DEREJEDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 9-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ikiçäk gepleşikleriň dowamynda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklary...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Ilçiniň ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. W.Hajiýew Ilçini gutlap, onuň täze wezipä bellenilmegi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň has hem netijeli hyzmatdaşlyga eýe bolup, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ösjekdigine umyt bildirdi. Soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanpe...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ WE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISLERINE GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy. Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar....

DOWAMY
pic
7 Iýun

TÜRKMENISTAN WE ATOM ENERGIÝASY BOÝUNÇA HALKARA AGENTLIGI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK ÜÇIN GELJEKKI ÄDIMLERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Iş duşuşygynyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň degişli milli we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýan...

DOWAMY
pic
7 Iýun

MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-Naggari (oturýan ýeri Moskwa ş.) bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp m...

DOWAMY
pic
3 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY WEKILHANALARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞLERINI GEÇIRDILER

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli çäreleri vakyngünlerde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary tarapyndan gurnaldy. Welosipedli marafonlar dünýäniň dürli künjeklerinde geçirildi, oňa türkmenler we daşary ýurtly diplomatlar, halkara, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň wekilleri, türgenler, türkmen we daşary ýurtly ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hereketler ilatyň saglygyny ýokarlandyrm...

DOWAMY