img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AZERBEÝJAN RESPUBLIKASY - BAKU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidi...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. “Zagulba” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasyny...

DOWAMY
pic
19 Maý

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýar

2026-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-Habitat tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen bilelikde guralan Bütindünýä şäherler forumynyň On üçnji mejlisine (WUF13) gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda forumyň gatnaşyjylaryny «akylly», «ýaşyl» we howpsuz şäher konsepsiýalaryny özünde jemleýän Arkadag şähe...

DOWAMY
pic
13 Maý

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Baku şäherine iş sapary bilen geldi

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa bilen Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň başlygy S.Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň işi barada pikir alyşdylar, zähmet hukuklaryny goramak we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen...

DOWAMY
pic
13 Maý

Baku halkara deňiz portunda «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Baku halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisini dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi G.Elýasow, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ulag-logistika düzümleriniň wekilleri, degişli edaralaryň ýolbaşçylary hem-de iki ýurduň resmi wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentin...

DOWAMY
pic
9 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. ​Dabarada çykyş etmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny...

DOWAMY
pic
10 Dek

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Gaznanyň şahamçasynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Jana şypaly howasy we...

DOWAMY