SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek b...
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň işi ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi. Mejlise degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiý...
Türkmenistanyň wekiliýeti Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda 6 sany mowzuklaýyn mejlisler geçirilip, olaryň barşynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady hyzmatd...
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ynsanperwer meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokar...
Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň taglymlaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine amala aşyrylýan gulluk
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdu...
Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi. Bu ýerde geçen ýyllaryň dowamynda t...
«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dörttaraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, ulag ulgamy boýunça jogapkär ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. D...