SOŇKY HABARLAR
BMG-DE «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy boldy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda çapdan çykan “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Tanyşdyryş dabarasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine dürli ýurtlardan gelen köp sanly wekiliýetleriň, guramanyň dürli komitetleriniň we bölümleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, alymlar ga...
AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILEN DABARALAR
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň çäklerinde geçirilýän: Tehniki toparyň maslahaty, Zenanlaryň 7-nji forumy, hil dolandyryşy boýunça okuw maslahaty, Dolandyryjylaryň maslahaty, Radioda işleýän hünärmenleriň maslahaty, Meýilnamalaşdyrmak we strategiýalaşdyrmak boýunça toparyň ýygnagy, Meýilnama komitetiniň maslahaty, Sport toparynyň sport oýunlarynyň telewizion hukuklaryny maliýeleşdirmek boý...
BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 69-NJY MASLAHATYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 1-5-nji oktýabrynda Şwesariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 69-njy maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S.B.Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalara göz aýlamak we berkitmek, agentligiň býujetini, halkara goraglylygy we beýleki meseleriň hataryny UNHCR we hökümetara hem-de hökümete dahyly bo...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ABU-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň baryşynda türkmen tarapy ABU bilen hyzmatdaşygy mundan beýläk hem giňletmäge, aýratyn hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy. Dr. Jawad Mottagi ilki bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa-Ýuwaş Umma...
«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy boldy. Ulgamyň baş forumynyň guramaçylary bolup, Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzyň we dünýäniň çap önümleri senagatynyň üstünliklerini we gazananlaryny görkezmäge gönükdirilen bu kitap maslahatyny geçirmekde baş...
Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşyjylara
Mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşýan mähriban çagalar! Sizi dostlugyň we parahatçylygyň deňzine öwrülen Hazaryň türkmen kenarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahatçylygynyň merjenine öwrülen ajaýyp Awazada Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli gyzgyn gutlaýaryn! Doganlyk Azerbaýjan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan gelen mähriban çagalar, eziz myhmanlar,...
PRESS-RELIZ
Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça nobatdaky Milli hasabatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komiteti tarapyndan seredilmegi hakynda 2018-nji ýylyň 1-2-nji oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň (CESCR) 46-njy mejlisinde Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halk...