SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW IŞ SAPARY BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA BARDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine geldi. Bu Sammitde döwlet Baştutanlary Hazar kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, aýratyn hem söwda-ykdysady, ekologiýa, tebigy serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika we şol sanda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek bilen bagly meseleleri a...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ BAŞ SEKRETARY ADEM KULA BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda YHG-SSE-ň ýolbaşçysy türkmen tarapyna myhmansöýer garşylamalaryna minnetdarlygyny aýtdy we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatar...
TÜRKMENISTAN WE YSRAÝYL DÖWLETI AŞGABATDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapynyň wekiliýetine bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben-Swi baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy, sebitleýin we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň mesele...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNESKO-NYŇ KLASTER EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda abraýly halkara guramasynyň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hak...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýurtlar boýunça Karz bölüminiň uly geňeşçisi Kenji Hosononyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça oýlanşykly pikir alyşmalar amala aşyryldy. Taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan ustünlikli özara gatnaşyklaryň önjeýli häsiýetini nygtap geçip, bu günki däp bolan iş gatnaşyklaryň gi...
AŞGABATDA “AMUL-HAZAR 2018” (TURKMEN DESERT RACE) HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň konferens-zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy. Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri,...
5-NJI AWGUSTDA AŞGABATDA HALKARA MEDIA FORUMY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda Aşgabat şäherinde “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanyp Media forumy geçiriler. Bu halkara Media forumyň işine dünýäniň ençeme ýurdundan iri habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, internet portallarynyň, teleýaýlymlarynyň wekilleri we sport hünärmenleri hem-de synçylary, şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşlar.