SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Georgiý Poltawçenkony kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, ýurdumyza gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny aýtdy. Sankt-Peterburgy Türkmenistan bilen öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar we dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Gubernator ikit...
DUŞENBEDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ (YHG) DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 23-NJI GEŇEŞI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda YHG-na gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleri YHG-nyň taslamalarynyň we meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny, YHG-nyň Sekretariatynyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny, Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we şahamça edaral...
“BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNDA KABUL EDILEN KARARNAMALAR TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ALYP BARÝAN DAŞARY SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT
2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ IKI KARARNAMANY KABUL ETMEGI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ALYP BARÝAN DAŞARY SYÝASATYNYŇ NOBATDAKY ÝEŇŞIDIR
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagald...
AŞGABATDA ULAG, LOGISTIKA WE INFRASTRUKTURA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Tür...
GERMANIÝA YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ DOLANDYRYJY MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerin...
MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY
2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň,...