RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Mar

BAKUDA «TÜRKMENISTAN-BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň Nebit we senagat döwlet uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga akademikler, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde okaýan türkmen we Hytaýdan, Hindistandan we Bangladeşden talyplar gatnaşdylar. Çäräniň başynda Türkmenistanda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ý...

DOWAMY
pic
6 Mar

TÜRKMENISTANDA “HAZAR DEŇZI-DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ” ATLY HALKARA OKUW MASLAHATY GEÇÝÄR

2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy.  Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bi...

DOWAMY
pic
5 Mar

AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 2-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Duşuşyga Horasanyň, Mazandaranyň, Gülüstanyň, Birjand şäheriniň, şeýle hem Sarahsyň ýöriteleşdirilen ykdysady zolagynyň we goňşy ýurduň beýleki şäherleriniň senagat merkezlerine wekilçilik edýän eýran kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 6...

DOWAMY
pic
2 Mar

AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministri j-p Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Syýasy hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini bellediler. Dürli derejeler...

DOWAMY
pic
1 Mar

ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA UNIWERSITET SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY

2018-nji ýylyň 28-nji fewraly-1-nji marty aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şwesariýanyň Lozanna şäherine sapary boldy, onuň barşynda Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýatiýew, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Myradow we BMG-niň Ženewa şäherindäki Edarasynyň ýanyn...

DOWAMY
pic
1 Mar

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞINIŇ 37-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE ŽENEWA ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI PARALLEL ÇÄRESI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde her ýylky Ýokary derejedäki segmentiniň dowamynda Adam hukuklary baradaky Ählumumy beýanamanyň 70 ýyllygynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki parallel çäresi geçirildi. Bu çä...

DOWAMY
pic
28 Few

LEBAPDA HALKARA HOWA MENZILI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň çäginiň girelgesiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ý...

DOWAMY